Gurban Berdiýew möwsüm tamamlanansoň «Rubinden» gaýdar

  • 16.05.2019 17:50
  • 3.2k+

Sport24 rus neşiriniň habar berşi ýaly, Kazanyň «Rubin» toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew möwsüm tamamlanandan soňra, öz islegi boýunça tälimçilikden aýrylar. Maglumatlara görä, 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Russiýanyň Premýer ligasynyň 29-njy tapgyr duşuşygynda «Anži» toparyna garşy oýun «Rubiniň» Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde öz öýünde oýnajak iň soňky oýny bolar. 26-njy maýda «Rubin» 30-njy tapgyr duşuşykda «Krasnodaryň» öýünde iň soňky oýnuny oýnar. Russiýanyň Premýer ligasynyň tablisasynda «Rubin» 35 utuk bilen 10-njy orny eýeleýär.

Türkmen we russiýaly futbol tälimçisi Gurban Berdiýew 2001-nji ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda «Rubine» tälimçilik etdi we 2017-nji ýylda ýene-de bu topara dolanyp geldi. Bu toparyň baş tälimçisi bolup işlän döwründe «Rubin» 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. 2011/12 möwsümde Russiýanyň Kubogyny eýeledi.

Aşgabatda dünýä inen Gurban Berdiýew 2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistana gysga möhletli sapar bilen geldi. Saparyň çäginde G.Berdiýew Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda gepleşikleri geçirdi we ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy.

Belli tälimçi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň futbol jemgyýetçiligi bilen duşuşdy, «Ahal», «Köpetdag», «Aşgabat» futbol toparlary we ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysy üçin açyk türgenleşikleri geçdi, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....