AFK-nyň Kubogy-2019: «Altyn Asyr» «Hujanddan» üstün çykdy

  • 16.05.2019 00:48
  • 1.5k+

AFK-nyň Kubogynyň dördünji tapgyry paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” üçin örän şowly boldy. Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony öz meýdanynda täjikleriň “Hujandyny” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, diýip Türkmenistanyň Futbol feerasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren topy oýnuň 32-nji minutynda Murat Ýakşiýew geçirmegi başardy.

“D” toparçasynyň beýleki duşuşygy Bişkekde geçirilip, onda ýerli “Dordoý” Duşenbeniň “Istiklolyny” kabul etdi. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda “Dordoýyň” peýdasyna tamamlandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren toplaryň birini türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Merkezi zolagyň “D” toparçasynda geçirilen dört tapgyrdan soň 7 utuk toplan “Istiklol”öňdäki orny eýeleýär. 6 utugy bolan “Altyn Asyr” ikinji, 4 utukdan toplan “Hujand” bilen “Dordoý” üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler. “D” toparçada bäşinji tapgyryň duşuşyklary 19-njy iýunda geçirilip, “Altyn Asyr” “Dordoýy”, “Hujand” bolsa “Istikloly kabul eder.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....