Aşgabatda GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy öz işine başlady

  • 16.05.2019 00:22
  • 739
15-nji maýda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlisleriniň we ýöriteleşdirilen bölümçelerinde ylym, bilim we sungat işgärleri hünär özarahereketleriniň dürli ugurlaryny: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny, ýaşlar bilen işlenilende yzygiderliligi we innowasiýalary, medeniýetara gatnaşyklaryň kemala getirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-da Kitap ýylynyň geçirilmegi bilen baglylykda kitabyň we kitap okamagyň ilerledilmeginiň meseleleri wekiliýetleriň aýratyn üns merkezinde bolarlar. «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly panel ara alyp maslahatlaşmalar ynsanperwerlik ulgamynda ýewraziýa hyzmatdaşlygyna bagyşlanar. Şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň işiniň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....