“Arkalaşygyň ýyldyzlary” döwletara baýragynyň eýeleri belli edildi

  • 15.05.2019 22:14
  • 1.2k+

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde ylym we bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryna goşan goşantlary üçin gowşurylýan «Arkalaşygyň ýuldyzy» döwletara baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Baýraklary Türkmenistanyň Mministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewa, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşinde Azerbaýjan Respublikasyndan ýolbaşçysy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasynda ilçisi Polat Bilbil ogly gowşurdy.
Şeýlelikde, 2018-nji ýylda «Arkalaşygyň ýyldyzy» döwletara baýragynyň eýeleri şulardan ybarat:
Atageldi Garýagdyýew — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konwerwatoriýasynyň professory.
Rauf Abdullaýew – Azerbaýjanyň halk artisti, sungatda at gazanan işgäri, Azerbaýjanyň Uzeir Gajibeýli adyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory;
Robert Elibekýan — Ermenistan Respublikasynyň halk suratkeşi;
Pýotr Witýaz, Aleksandr Ilýuşenko, Mihail Andreýew — alymlar, O.W.Roman adyndaky Poroşok metallurgiýasy belarus instiutytynyp awtorlar topary;
Ýesenguly Röwşenow — gazak şahyry, «Žazuşy» neşirýatynyň direktory;
Mar Baýjiýew — Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy, Gyrgyz Respublikasynyň Kinoakademiýasynyň Prezidenti;
Ion Ababiý — lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Moldowa döwlet lukmançylyk we derman senagaty uniwersitetiniň rektory;
Mihail Kowalçuk — Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, «Kurçatowskiý institut» Russiýa milli barlag merkeziniň Prezidenti;
Ulmas Mirsaidow — Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Ýadro we radiasion howpsuzlyk agentliginiň baş ylmy hünärmeni.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....