26-27-nji maýda «Türkmen halysy we dokmasy — dünýäniň bezegi» atly halkara sergi geçiriler

  • 14.05.2019 23:21
  • 2.9k+

26-27-nji maýda Aşgabatda «Türkmen halysy we dokmasy — dünýäniň bezegi» atly haly we dokma önümleriniň halkara sergisi we türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçiriler, diýip ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň haly we dokma önümleriniň halkara sergisi dünýäniň dokma senagatynyň ýörgünli tendensiýalaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we täzeçilliklerini görkezmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlary uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga çekmek üçin ajaýyp meýdança öwrüler.
Sergide pagta süýümini gaýtadan işleýän senagatyň ägirt uly mümkinçilikleri tanyşdyrylar. Bu mümkinçilikler ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde iri dokma egriji kärhanalarynyň önümleri arkaly görkeziler. 
Ýüplükleriň we matalaryň nusgalary görkezilen diwarlyklar myhmanlaryň dykgatyna ýetiriler. «Türkmenistanda öndürilen» söwda belgili ekologiýa taýdan arassa pagtadan öndürilen ýerli dokma önümlerimmiz — Türkmenistanyň eksportynyň möhüm düzüjisidir. Bu günki gün dünýäde tanalýan milli söwda belgimizdir.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....