Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 3 sany möhüm düzümine saýlandy

  • 14.05.2019 09:46
  • 1.9k+

7-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentini Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu habaryň Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda sebitleýin we ählumumy ölçegdäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekilhanalarynyň 7-si däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigini bellemeli. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork, Wena we Ženewa şäherlerinde ýerleşýän Ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň wekilhanasy hemişelik esasda işleýär.
Soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň 10-synyň, şol sanda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......