«Tekmil» kompaniýasy «EXPO 2020-de» Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurnar

  • 12.05.2019 05:56
  • 2.7k+

«Tekmil» hususy kärhanasy 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreli aralygynda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçiriljek «EXPO 2020» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny taslamak, enjamlaşdyrmak, bezemek, dolandyrmak hem-de sergi tamamlanandan soňra söküp aýyrmak işlerini alyp barar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hususy kärhana bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi.
Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde ilkinji gezek Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” sergisine 6 aýyň dowamynda 25 milliondan gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. “Pikirleri birleşdirmek bilen geljegi döredýäris” şygary astynda geçiriljek bu halkara sergä 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
«World Expo 2020-de» resmi pawilýony täze «Dubai Trade Center» resmi meýdançasynda ýerleşdiriler. Ol Jebel Ali etrabynda ýerleşýär we ýörite sergi üçin taslamalaşdyrylan 438 gektar meýdany eýeleýär. Ol Dubaýdaky Al Maktoum International täze howa menzilinden birnäçe minutlyk ýolda, Dubaý bilen Abu-Dabiden deň aralykda ýerleşdiriler. Pawilýon şeýle hem TECOM, Dubai Sports City we Dubai Marina ýaly meşhur etraplaryň golaýynda ýerleşýär. Mundan başga-da, Dubai World Expo pawilýonynyň gurluşygy taslamalaşdyrylanda ekologiýa ýörelgeleri nazara alyndy. Şonuň çäklerinde sergini geçirmek üçin zerur bolan energiýanyň 50%-ni öndürmäge ukyply bolan Gün batareýalary dörediler.

düýn 17:29
6.4k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......