Aşgabatda söwda dükanlarynyň sany artdyrylar

  • 12.05.2019 05:47
  • 2.3k+

Aşgabatda täze dükanlary gurmagyň taslamalary işlenip düzüldi. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda dükanlarynyň taslamalary täze desgalaryň şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen sazlaşygy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ilaty üçin amatlylyk derejesi göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň giň görnüşleriniň bölek söwdasynyň guraljak söwda dükanlary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Şolarda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlar we ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur şertler dörediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda edaralarynyň ilatly ýerleriň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Hut şonuň üçin hem sazlaşykly ösýän paýtagtymyzda söwda dükanlarynyň sany şäher ilatynyň isleglerine laýyk derejede we amatly ýagdaýda artdyrylmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti döwrebap dükanlaryň diňe bir söwda desgalary däldigini, şolarda amatlylygyň, ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmalydygyny, alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, söwdanyň guralyşyna täzeçil çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem Türkmen Lideri söwda dükanlarynyň daş görnüşiniň hem özüne çekiji bolmalydygyny belläp, taslamalary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....