«Hoş zaman» HK Ýewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň «Ýaşyl başlangyç» premiýasynda altyn medal aldy

  • 10.05.2019 05:38
  • 2.6k+

«Hoş zaman» kompaniýasynyň «ýaşyl ýyladyşhanalarynyň» taslamasy Ýewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň (ÝÖAB) yglan eden ýaryşynyň «Howanyň üýtgemegine durnuklylyk» kategoriýasynda Altyn baýraga mynasyp boldy. 9-njy maýda Saraýewa şäherinde (Bosniýa we Gersegowina Respublikasy) ÝÖAB-nyň 28-nji her ýylky ýygnanyşygynyň we işewürler forumynyň çäklerinde ýeňiji bolan kärhanalara baýrak gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýeňiji bolan kärhanalar sebitde ekologiýa we sosial durnuklylygy üpjün etmek işine düýpli goşant goşdy, diýip arzuw.news habar berýär.
Türkmen obahojalyk kärhanasynyň işi gurak klimaty bolan Merkezi Aziýa zolagynda aýratyn önümçilik töwekgelçiliklere eýedi. Emma «Hoş zaman» howanyň üýtgemeginiň netijelerini nazara aldy we netijede bäsdeşlige ukyplylygyny has ýokarlandyrdy. Kompaniýa öz önümçiligine gidropon ýyladyşhanalaryny ornaşdyrdy. Bu hili ýyladyşhanalar pomidorlary toprak ulanmazdan ösdürip ýetişdirmäge we suwuň sarp edilişini tygşytlamaga mümkinçilik berýän ýokary netijeli tehnologiýadyr. Bu tehnologiýanyň ulanylmagy netijesinde ýylda 34 sany olimpiýa basseýnine barabar bolan suw tygşytlanylýar.
«Hoş zaman» HK-nyň ýyladyşhanalary giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamasy ÝÖAB-nyň geçen ýylda iş alyp baran döwletlerinden hödürlenen jemi 52 sany ugurdaş taslamalaryndan saýlanmagy başardy. Ol «Ýaşyl başlangyç» premiýasyna hödürlenildi. Taslama haçan-da hojalyk işjeňliginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak boýunça talaplara jogap berende we durnukly ösüşe ýardam edende «ýaşyl» hasaplanylýar. Bu ýagdaýda taslama howanyň üýtgemegi şertlerinde hasyllylygy maksimal derejede ýokarlandyrmak bilen bir wgatda, suwuň we elektrik togunyň netijeli peýdalanylmagyna ýardam edýär.
Ýeňijileri saýlamak işi ÝÖAB-nyň ýolbaşçylarynyň we maliýe hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynyň hünärmenlerinden düzülen dört sany garaşsyz eminiň geçiren ýaryşy esasynda geçirildi. Bäsleşigi gurnaýjylaryň bellemegine görä, kiçi sebit taslamasy ilkinji gezek şular ýaly abraýly baýraga mynasyp boldy.
ÝAÖB-nyň geçiren bäsleşiginde şeýle hem «Auga Group AB» kompaniýasy (Litwa) durnukly energetika ugrunda, «TREDAS» kompaniýasy (Türkiýe) iň gowy ekologiýa we sosial tejribe ugrunda, «Zenanlar işewürlikde» (TurWiB) — Türk Ekonomi Bankasi (TEB) ekologiýa we sosial innowasiýa ugrunda Altyn baýraklara mynasyp boldular.

düýn 11:08
803

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......