«Hazar» türkmen topary Krasnodarda geçirilen futbol ýaryşyna gatnaşdy

  • 10.05.2019 05:35
  • 1.8k+

Kuban döwlet uniwersitetiniň (Krasnodar, Russiýa Federasiýasy) sport toplumynda Russiýanyň we beýleki birnäçe daşary ýurt döwletleriniň talyp ýygyndylarynyň arasynda futbol boýunça V ýaryş gurnaldy. Bu ýaryşda biziň ýurdumyza Türkmenistanyň Astrahanadaky Konsullygynyň ýardam bermeginde döredilen «Hazar» topary wekilçilik etdi. Toparyň düzümine Krasnodar ülkesiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar girdi. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» internet neşiri habar berýär.
Türkmen topary ýarym final duşuşygyna çenli barmagy başardy. Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen talyp kubogyny almak ugrundaky ýaryş dostlukly ruhda geçirildi.
Ýaryşda ýeňijilere medallar we Hormat hatlary gowşuryldy.

düýn 19:10
3.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....