Türkmenistan we Astrahan telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Geňeş döreder

  • 08.05.2019 05:55
  • 1.7k+

7-nji maýda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna degişli bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar bilelikdäki taslamalara, rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çägindäki işleriniň meselelerine, şeýle hem senagat, gurluşyk, ulag, nebitgaz, gazhimiýa we elektroenergetika pudaklardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Mejlisiň netijeleri boýunça şu aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi: “Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň on birinji mejlisiniň Teswirnamasy”, “Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Astrahan welaýatynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda Ähtnama”, “Türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen S.A.Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk”, “Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty» federal döwlet býujet edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......