Türkmen küştçüsi Türkiýedäki halkara ýaryşda kümüş medal eýeledi

  • 08.05.2019 05:51
  • 1.4k+

Türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew Türkiýede geçirilen Açyk halkara bäsleşiginde ikinji orun aldy.
Birinji oýnuny Türkiýäniň şäheri Mersinden gelen garşydaşy bilen deňme-deňlikde tamamlan Meýlis ikinji tapgyrda Eýrandan gelen bäsdeşini ynamly ýeňmegi başardy. Slowakiýadan gelen Milan Paher bilen bolan oýun iň möhüm hem çylşyrymly oýun boldy. Meýlis bu tapgyry hem deňme deňlikde tamamlady.
Netijede 9 raunddan soň slowakiýali küştçi hiç bir oýunda hem ýeňlişe sezewar bolman, bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Meýlis Annaberdiýew bäsleşigiň dowamynda diňe Türkiýäniň Izmir şäherinden gelen Ýefe Mert Gylyçdan ýeňildi.
Şu ýylda 5-nji Açyk halkara bäsleşigi Türkiýäniň Ordu şäherinde geçirildi. Küşt boýunça bu abraýly halkara ýaryşyna şu ýyl dünýäniň onlarça döwletinden ýüze golaý küştçi gatnaşdy.

şu gün 08:03
575

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
5.5k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......