Türkmenistan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulyp biler

  • 07.05.2019 04:20
  • 1.8k+

Geljekde zerur bolan ýagdaýynda «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna («GGG») beýleki gaz çeşmeleri hem goşulyp biler, diýip ÝB-niň Azerbaýjandaky ilçisi Kestutis Ýankauskas Trend agentligine beren interwýusynda belledi.
«Geljekde eger-de isleg artsa we giňeltmek hem-de ibermek üçin mümkinçilik kän bolsa, muny birnäçe goşmaça stansiýalaryň üsti bilen edip bolar. Ine, şonda goşmaça gaz boýunça mesele ýüze çykyp biler» - diýip Ýankauskas belleýär.
ÝB-niň Azerbaýjandaky ilçisiniň bellemegine görä, Türkmenistan tarapyndan taslama goşulmaga gyzyklanma bildirilýär.
Onuň bellemegine görä, «Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ministrleriň soňky duşuşyklarynda mümkin bolan isleg we taslamany giňeltmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem gazyň goşmaça çeşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Günbatar Balkan döwletleri hem «GGG» infrastrukturasynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler. Meniň pikirimçe, bu ugurda eýýäm birnäçe taslamalar işlenip düzüldi» - diýip ilçi aýtdy.
Ýankauskasyň bellemegine görä, «Günorta gaz geçelgesi» täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýol açar.
Azerbaýjan gazynyň Ýewropa 2020-nji ýylyň başynda 10 mlrd kub metr möçberde gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, 6 mlrd kub metr azerbaýjan gazy Türkiýäniň günbatar sebitlerine iberilýär. Türkiýä ibermeler 2018-nji ýylyň tomsunda badalga aldy.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......