«Türkmenhowaýollarynyň» hünärmenleri Moskwada hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler

  • 05.05.2019 23:42
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenleri Moskwa döwlet tehniki uniwersitetiniň raýat awiasiýasynyň Hünär derejesini kämilleşdiriş we attestasiýa institutynda okuw geçdiler. Bu barada Moskwanyň Demirgazyk administratiw okrugynyň Prefekturasynyň saýty habar berýär.
Maglumata laýyklykda, raýat awiasiýasynyň dolandyryş-işgärler toparyndan 25 sany hünärmen «Raýat awiasiýasy ulgamynda döwlet inspektorlaryny we raýat awiasiýasynyň gurnamakda inspektorlyk düzümini taýýarlamak» hünär derejesini kämilleşdiriş maksatnamasy boýunça okuwlary üstünlikli geçdiler.
«Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ulgamynda ygtyýarlandyrylan edaradyr. Ol uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeklige, ýolagçylara hyzmat ediş medeniýetine we hyzmatlary berijilere gözegçiligi amala aşyrýar. 
Türkmen milli raýat awiasiýasy daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edip, halkara bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ykrar edilmeginde möhüm wezipeleri alyp barýar. Howa ulaglary pudagy güýçli depginler bilen ösüp, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....