Aşgabadyň demirgazyk böleginde medeni-bilim desgalary gurulýar

  • 04.05.2019 23:11
  • 2.7k+

Aşgabadyň demirgazygynda Duşenbe weAstana köçeleriniň aralygynda durmuş-medeni maksatly binalaryň toplumy — umumy bilim berýän, mekdebe çenli ýaşly çagalar, sungat we sport-sagaldyş desgalary gurlar. Bu desgalary gurmak boýunça bäsleşikde «Sport ýyllydyzy» hususy kärhanasy ýeňiji boldy. Bu kärhana Aşgabatda köp sanly sport desgalaryny, şol sanda «Tehnologiýa» monumentini gurdy. Şeýle hem bu kompaniýa Çandybil we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda «Welosiped» monumentini gurmak boýunça işleri hem alyp barýar.
Geljekki medeni-bilim toplumynyň territoriýasynda 720 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň binasy gurlar. Taslama laýyklykda, sportuň oýun görnüşleri we gimnastika üçin zaly, çagalar we uly ýaşlylar üçin tans zallaryny, sazçylyk we aýdym zallaryny öz içine aljak köpugurly döredijilik merkezi bina ediler. Mundan başga-da, bu ýerde ses ýazgy studiýasy, kostýumer sehi, dolandyryş merkezi gurlar. «Sport ýyldyzy» HK desgalaryň gurluşygyny geljek ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....