Geçen 4 aýda jemi içerki önümiň ösüşi — 6,2 göterim

  • 03.05.2019 09:33
  • 1.1k+

2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyz boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy. Bu barada penşenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň mukdary 6,1 göterim artdy. Ykdysady toplumyň pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.
Dört aýyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim ýokarlandy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda senagat önümleriniň möçberi 28,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 4,6 göterim artdy.
Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 76-synyň, 205,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......