Türkmen sürüjileri Russiýanyň ralli-reýd çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp boldular

  • 30.04.2019 17:29
  • 2.1k+

Astrahanda Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd boýunça çempionaty hem-de Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýyldaky çempionaty tamamlandy. Ýokarda agzalan çempionatlara Türkmenistandan 2 ekipaž gatnaşdy. Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň dolandyrmagyndaky “Nissan Patrol” jip awtoulagly birinji ekipaž Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd çempionatynda baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Begnazar Nurýagdyýewiň we Muhammetmyrat Gurbanowyň dolandyrmagyndaky “Mitsubishi L 200” jip awtoulagly ikinji ekipaž bolsa Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýylyň çempionatynda üçünji orna mynasyp boldy.
Bu ýaryşlara Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gantaşdylar. Jemi 500 golaý adam, 240-dan gowrak ýük ulaglary, motosikller we jip ulaglar gatnaşdylar.  
“Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdiniň gatnaşyjylary 3 günüň dowamynda Astrahan düzlüklerinden 700 kilometrden gowrak ýoly geçdiler. Olaryň 500 kilometri – çägeli we takyr ýollar bolup, olaryň ugrunda iň ezber awtosürüjiler üçin hem az päsgelçilikler bolmady.

düýn 19:10
3.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....