Türkmenistanly telekeçiler «Russiýa ― Yslam dünýäsi: KazanSummit 2019» forumyna gatnaşdylar

  • 30.04.2019 17:24
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Owadan ülke» we «Ýokary tilsimatlar merkezi» hojalyk jemgyýetleri 24-27-nji aprel aralygynda «Russiýa ― Yslam dünýäsi: KazanSummit 2019» XI Halkara ykdysady forumyna myhman hökmünde gatnaşdylar. Bu barada CentralAsia.news. saýty habar berýär.
Forum Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respubliaksynyň paýtagty Kazanda geçirildi. Forumyň esasy mowzugy «Russiýa — Yslam dünýäsi: mümkinçiliklerden iş ýüzünde durmuşa geçirmeklige tarap» boldy.
Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni aragatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen sammit «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde geçirildi.
Çärä sekiz döwletden — Russiýadan, BAE-den, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Indoneziýadan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan 100-den gowrak eksponent gatnaşdy.

düýn 11:08
872

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......