Parasat — 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

  • 29.04.2019 02:44
  • 4.2k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň netijesi boýunça 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen derejä Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Parasat diýen dor aty mynasyp boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe “Rowaç” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa “At şaý-sep toplumy, gupba” eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşlyk we taslama kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Myratmergen Kulyýewe “Bedew waspy” atly nakgaş eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çarymyrat Amanowa “Rowaçlygyň bady bilen” atly heýkel eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparowa “Behişdi bedewler toplumy” atly foto işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň teleoperatory Hangeldi Şazadaýewe “Bedew” atly wideoşekilli işleri üçin baş baýraklar gowşuryldy.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....