Aşgabatda täze agyz suw arassalaýjy desga gurlar

  • 29.04.2019 02:14
  • 1.5k+

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer Ç.Pürçekow hökümet mejlisinde habar berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň teklibi saýlanyp alyndy. Agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygyny 2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Şeýle kärhanalaryň gurluşygy Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň häzirki zaman talaplaryny nazara almak arkaly gurulmalydygyna ünsi çekdi. Kämil enjamlar suwuň ýokary hilli arassalanylmagyny hem-de sarp edijilere — kärhanalara, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ýaşaýyş jaýlaryna bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmelidir.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....