Murgapda türkmen bananlarynyň bol hasyly ýygnalýar

  • 23.04.2019 11:36
  • 4.1k+

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde azyk bazaryny hususy önümçilikdäki bananlar bilen üpjün etmek boýunça maksatnama üstünlikli ýerine ýetirilýär. Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhanasynda her hepdede süýji tagamly bananlaryň 1,5 tonnasy ýygnalýar. Şu ýyl telekeçi 1800 agaç oturdylan bir gektardan 70 tonnadan gowrak ekzotiki miwe ýygnamagy meýilleşdirýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Tropiki ösümligi ýetişdirmegiň inçe syrlary bilen Batyrmyrat Türkiýedäki ugurdaş sergide türk telekeçilerinden öwrendi. Şol ýerden hem ol banan palmasynyň ösüntgisini getirdi. Häzirki wagtda onuň hojalygyndaky ekzotiki ösümlikleriň boýy 6 metrden geçýär. Geljek ýyl ol iki esse köp hasyl almagy meýilleşdirýär.

düýn 11:08
799

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......