Aşgabatlylar ulanan suwlary üçin tölegleri öýjükli telefonlar, töleg terminallary arkaly geçirip bilerler

  • 22.04.2019 14:19
  • 3.2k+

«Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkezi döredildi, bu ýerde suwy ulanýanlar hakynda maglumatlar, şol sanda salgylar, suwuň sarp edilen görkezijileri, tölegler elektron görnüşinde ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, Internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler. Bu barada wise-premýer Ç.Purçekow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda we welaýatlarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak, şol sanda agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň durkuny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

düýn 23:04
478

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

düýn 21:16
541

Sofiýada «Cat Show Expo» halkara sergisi geçirildi

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak pişigi bir ýere jemlän «Cat Show Expo» halkara sergisi boldy....

düýn 18:27
812

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

düýn 14:49
2.5k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....