Simsiz internetiň tizligini ýokarlandyrmagyň usullary barada

  • 19.04.2019 12:31
  • 4.8k+

«Virgin Media» britan kompaniýasynyň bilermeni simsiz internetiň tizligini ýokarlandyrmagyň sekiz usulyny aýtdy. Bu barada Trend agentligi habar berýär.

Ulanyjy internet-brauzeriniň keşini yzygiderli arassalap durmaly, çünki bu onuň işleýşiniň tizligini ýokarlandyryp biler.

Brauzeriň wersiýasyna üns bermeli, mümkin boldugyndan onuň täzesini ýükläp durmaly.

Antiwirus programma üpjünçiligi hem internetiň işleýşine täsir edip bilýär. Şonuň üçin hem antiwirus programmasy ygtybarly çeşmelerden bolmaly.

Ýene-de bir usul, fon priloženiýeleriniň (awtomat işleýän programmalary) işini togtatmaly, olaryň işleýşi internetiň tizligine ýaramaz täsir edip biler.

Wi-Fi routeriň ýerleşýän ýerine üns bermek möhümdir. Onuň tizligini ýokarlandyrmak üçin routeri mümkin boldugyndan beýikde ýerleşdirmeli ýa-da onuň gowy işläp biläýjek otagynda goýmaly.

Routerleriň penjiräniň ýanyndan goýmak maslahat berilmeýär. Bu ýagdaýda otagyň içindäki signal peselýär.

Öý seti üçin parol ygtybarly parol goýmagy hem unutmaly däldir.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......