Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Katardaky Aziýa çempionatyna gatnaşar

  • 16.04.2019 09:59
  • 3.3k+

Türkmen ýeňil atletikaçylary 21-24-nji aprelde  Doha şäheriniň (Katar) «Halifa» stadionynda geçiriljek Ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionaty – 2019-a gatnaşar. Ýeňil Atletika boýunça Aziýa assosiasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, 45 sany gatnaşyjy döwletleriň arasynda ýaryşlarda medallaryň toplumlarynyň 186-sy ugrunda bäsleşiler. Ýaryşlarda Türkmenistana şu aşakdaky türgenler wekillik eder:

 

Alişer Sadulaýew - 100 we 200 metr aralyga ylgamak

Mergen Mämmedow — daş zyňmak

Amanmyrat Hommadow — daş zyňmak

Walentina Meredowa - 100 metr aralyga ylgamak

Irina Welihanowa – mnogoborýe.

 

Türkmenistanyň ýygyndy topary 2019-njy ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde kesgitlenildi.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....