«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz bahreýnli tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdi

  • 16.04.2019 09:58
  • 1.9k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň çakylygy bilen bu ýurduň paýtagty — Manama şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «MARA’EE — 2019» halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýörite uçar çapyksuwarlary hem-de ahalteke bedewleriniň 10-syny Manama şäherine getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli we myhmansöýerlik bilen garşyladylar, atlary we çapyksuwarlary çykyşlara taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Munuň üçin halkara serginiň açylyş dabarasynyň geçirilen ýerinde ýörite manež guruldy.

«MARA’EE — 2019» halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna Onuň Alyhezreti Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa we onuň maşgalasy, hökümet agzalary hem-de ýurduň beýleki resmi adamlary, arap döwletlerinden belent mertebeli myhmanlar, köp sanly bahreýnliler gatnaşdylar.

düýn 19:10
3.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....