Batareýiň hyzmat ediş möhletini azaldýan programmalar

  • 16.04.2019 09:56
  • 6.9k+

Fon režimindäki gizlin ýüklemeler siziň enjamlaryňyza howp salýar.

ОС Android ulgamly smartfonlardan işjeň peýdalanýanlaryň bellemegine görä, käbir meşhur programmalar (priloženiýalar) smartfonyň batareýiniň ömrüni gysgaldýar, çünki ol programmalar fon režiminde nähilidir bir maglumatlary gizlin ýüklemek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şeýle programmalar «zyýanly» hökmünde häsiýetlendirilýärler we «Google Play-iň» resmi magazininden pozuldy.

Kiberhowpsuzlygy öwrenijileriň maglumatlaryn görä, bu mesele 150 million gezek ýüklenip alnan 206 sany programma degişlidir. «Adware» - bu kezzapçylygyň bir görnüşi bolup, ol köplenç fon režiminde reklamada hereket edýär we siziň telefonyňyzyň awtonom işiň wagtyny azaldyp, onuň haýal işlemegine getirýär.

Barlaglaryň netijesinde Google Play Store-da ýüze çykarmasy kyn bolan zyýanly reklama priloženiýalarynyň ýüzlerçesiniň üsti açyldy. «The Sun» neşiri howply programmalaryň käbirleriniň atlaryny getirýär — Snow Heavy Excavator Simulator, Hoverboard Racing, Real Tractor Farming Simulator, Ambulance Rescue Driving, Heavy Mountain Bus Simulator, Fire Truck Emergency Driver, Car Parking Challenge, Hot Micro Racers, Water Surfing Car Stunt, Wingsuit Simulator we beýlekiler.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......