Türkmenistanyň Ženewadaky ilçihanasy futbol boýunça çagalaryň arasynda ýaryş geçirdi

  • 13.04.2019 11:52
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Şweýsar Konfederasiýasyndaky ilçihanasy köpçülikleýin sport-sagaldyş çäreleriniň biraýlygyna bagyşlap çagalar toparlarynyň araasynda futbol boýunça çempionat geçirdi, diýip ilçihananyň resmi saýty habar berýär.

Çempionatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ženewadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Atageldi Haljanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen sport çäreleriniň Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanandygyny belledi.

Çempionata Ženewanyň dürli mekdeplerinden çagalar futbol toparlary gatnaşdy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Atageldi Haljanow ýaryşlaryň gyzykly hem-de ýaş türgenler üçin peýdaly bolandygyna ynam bildirdi hem-de bu hili kampaniýalaryň Türkmenistanda bolşy ýaly, bütin dünýäde hem sport we sagaldyş hereketlerini işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigini belledi.

düýn 19:10
3.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....