18-22-nji aprelde Saud Arabystanynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri geçer

  • 07.04.2019 12:27
  • 1k+

18 — 22-nji aprelde Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeniýet günleriniň çäklerinde iki dostlukly ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna laýyklykda, «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystany Patyşalygynyň folklor toparynyň çykyşlary, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň, milli lybaslaryň hem-de fotoişleriň sergisi guralar. Şol ýerde iki ýurduň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy hem-de nakgaşlyk hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler.

Saud Arabystanynyň alymlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň Arap ýarym adasynyň ýurtlary bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan çykyşlary hödürlärler.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak hem-de Saud Arabystanynyň artistleriniň Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Saud Arabystanynyň resmi wekiliýeti bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde boljak duşuşygyň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

düýn 19:43
2k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

düýn 18:42
2.7k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......