Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň barşynda 40 golaý resminama gol çekiler

  • 04.04.2019 18:36
  • 1.3k+

Ýurdumyzda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslaahatynda habar berdi.

Iş maslahatynda Koreýa Respublikasynyň türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry — suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy nygtaldy.

Ýurdumyzda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň işlemegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar, olar nebiti gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başynda geçirilen Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, şu günler bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......