Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Minskde geçiriljek sebit seminaryna gatnaşýar

  • 04.04.2019 18:33
  • 801

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Minsk şäherinde 3-4-nji aprelde geçirilýän sebit seminaryna gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri girdi, diýip Belarus döwletiniň ilçihanasynyň saýty habar berýär.

Bu çäräni Belarus döwletiniň Daşary işleri ministrligi ÝHHG-niň Dawalaryň öňüni almak boýunça Merkezi, BMG-niň HG-niň 1540 komiteti we BMG-niň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawyny bermeginde geçirýär.

Seminaryň işine Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň, gümrük, serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem ÝHHG, BMG, INTERPOL ýaly birnäçe halkara guramalarynyň bilermenleri gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy ýaragsyzlanmak we bilermenler gözegçiligi ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň ÝHHG, BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......