Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus» taslamasy boýunça okuw merkezi açyldy

  • 02.04.2019 13:31
  • 1.4k+

Okuw merkezi bilim bermek, hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek we ýurduň döwlet gullukçylary üçin maslahat sapaklaryny geçmek üçin gönükdirilendir.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Okuw-maslahat merkezi açyldy. Merkez ÝB-niň «Erasmus+» — «Administratiw ösüşiň sebit wezipeleri» (ROAD) taslamasynyň esasynda döredildi. Merkeze türkmen tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Türkmen döwlet maliýe instituty gatnaşýar. Bu barada centralasia.news saýty habar berýär.

2017-2018-nji okuw ýylynda badalga alan taslama başlangyjy hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde gaýtadan taýýarlaýyş merkezlerini döretmek bilen döwlet gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak ulgamyny goldamaga gönükdirilendir.

ROAD merkezi häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, zerur bolanda wirtual okuwlary geçmäge hem mümkinçilik bar. Bu ýerde giň kitaphana ulgamy däp bolan görnüşde we elektron görnüşde hödürlenilýär.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......