Türkmenistanyň GDA başlyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy

  • 02.04.2019 13:30
  • 915

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, 15-16-njy maýda Aşgabatda GDA gatnaşyjy agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler. Forum GDA agza döwletleriň arasynda ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, döredijilik we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrligine, Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu çäräni ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

11-nji oktýabrda Aşgabatda GDA Baştutnalarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça degişli Kararlara gol çekdi.

şu gün 01:14
441

Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu......

şu gün 00:14
493

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....

şu gün 00:02
1k+

Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi....

düýn 23:44
497

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......