Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan habarlar

  • 02.04.2019 08:53
  • 1.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri portlandsementi, reňksiz aýnany, plastik gaplary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 494 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan we Şotlandiýadan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 324 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

düýn 23:40
5.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 23:36
1.7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

düýn 22:47
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleri we sebitlerdäki häzirki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 19:40
3.4k+

ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi...