Resul Gylyjow Uolt Disneýiň «Fantaziýa» taslamasynyň äheňinde konsert berdi

  • 02.04.2019 08:50
  • 1.4k+

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky döwlet simfoniki orkestri Uolt Disneýiň studiýasynyň «Fantaziýa» animasion-saz taslamasynyň äheňinde täze programmasyny hödürledi.

Meşhur dirižýor, Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow Türkmenistanda çagalar üçin medeni-aň bilim taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirdi. Disneý multfilmlerine tomaşa edip, Resul olardaky saz bezegine üns beripdir: Jorj Gerşwiniň «Mawy rapsodiýasy», Eduard Elgaryň «Dabaraly we şowhunly marşlary», Pol Dýukuň «Jadygöýüň şägirdi»...

Döwlet simfoniki orkestriniň we onuň solisti — türkmenistanyň at gazanan artisti pianist Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmegindäki konsert şowhunly boldy. Gerşwiniň, Elgaryň we Dýukuň eserlerinden başga-da, konsertde Igor Strawinskiniň, Dmitriý Şostakpwiçiň, Pýotr Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy.

«Fantaziýa» — bu 1940-njy ýylda döredilen we doly metražly multiplikasion film. Belläp geçsek, ony döredijileriň biri Leopold Stokowski multfilmleriň adaty formatyndan daşlaşyp, film-konseri döretmegi teklip edipdi.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......