Aşgabatda meksikan sungat ussatlarynyň konserti boldy

  • 02.04.2019 08:47
  • 815

«Mariachi Champana Nevin» ansamblynyň Türkmenistan boýunça çykyşlary Aşgabatda «Watan» kinokonsert merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. Medeni çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ABŞ-nyň ilçihanasy gurnady.

Dünýä belli meksikan aýdym saz ussatlary ýurdumyz boýunça ilki Balkanabatda, soňra Türkmenbaşy şäherinde konsert bilen çykyş etdiler.

Aýdym saz agşamynda ilki «El mariaçi» aýdymy ýaňlandy. Dünýäde meşhur bu aýdymyň muşdaklary türkmenistanly diňleýjileri hem biparh goýmady. Mario Sezar Egianyň ýerine ýetirmeginde hemmeleriň söýgüli aýdymy «Besame muço» ýaňlandy.

«Mariachi Champana Nevin» ansamblyna 20 ýyldan gowrak wagt boldy. Şu geçen döwürde sazandalar ABŞ-da, Russiýada, Gazagystanda, Günorta Koreýada we dünýäniň köp sanly döwletlerinde çykyş etdiler.

Konsertde «Aşgabat» estrada orkestri hem çykyş etdi. Türkmen sazandalarynyň «Mariachi Champana Nevin» topary bilen bilelikde ýerine ýetirmeginde meksikan halk sazlary ýerine ýetirildi. Nury Halmämmedowyň «Haýrana galar» sazynyň hem-de «Aýna» türkmen halk sazynyň topar tarapyndan ýerine ýetirilmegi diňleýjiler üçin ajaýyp sowgat boldy.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

şu gün 00:08
1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:16
1.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......