Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýokary derejede geçiriler

  • 01.04.2019 10:15
  • 1k+

7-nji aprelde Türkmenistanyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, dürli meýdançalarda — Saglyk ýolunda, seýilgäh we sport toplumlarynda, stadionlarda we beýlekilerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler we görkezme çykyşlary guralar. Şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

şu gün 08:53
23

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
931

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

şu gün 07:32
627

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......