Samsung III çärýekde arassa girdejisini 24% azaltdy

  • 28.10.2022 23:08
  • 3.2k+

Günorta Koreýanyň elektronika öndürijisi Samsung Electronics Co. çiplere we ýat kartlaryna bolan islegiň pese gaçmagy sebäpli 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 23,6% azaltdy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 12,29 trln wonadan 9,39 trln wona çenli ($6,7 mlrd) peseldi. Operasion girdeji 215,82 trln wonadan 10,85 trln wona çenli azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň geçen üç aýda girdejisi bir ýyl ozalky 73,98 trln wonadan 76,78 trln wona çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň ýarym geçirijileri öndüriji bölümçesiniň girdejisi 14% azalyp, 23,02 trln wona boldy, operasion girdeji 49% azalyp, 5,12 trln wona barabar boldy.
Displeýleri çykarmak boýunça biznes çärýek girdejisini 6% ýokarlandyryp, 9,39 trln wona möçberinde girdeji aldy. Bölümçäniň operasion girdejisi 1,98 trln wona deň.
IT we ykjam aragatnaşyk bölümçesi 32,21 trln wona möçberinde girdeji aldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 13% köpdür. Muňa garamazdan, operasion girdeji 3,6%, 3,24 trln wona çenli azaldy.
Soňky 12 aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 24% peseldi.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.9k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......