Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär

  • 24.10.2022 17:14
  • 13k+
Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär

Abraýly insaýder Ice Universe Xiaomi 13-iň   ekranynyň aşakky çarçuwasynyň beýleki smartfonlaryňkydan inçeljekdigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru salgylanýan Trendiň ýazyşy ýaly, ýekşenbe güni MyDrivers habar berdi.  

Insaýderiň sözlerine görä, öňdebaryjy smartfon bolan Xiaomi 13 aşakky çarçuwasynyň ýogynlygy boýunça rekord goýýar, ulanyjylar ony "eňek" diýip hem atlandyrýarlar. Tutuş ekranyň çarçuwasynyň simmetriki boljagyny-bolmajagyny Ice Universe habar bermeýär. 
Xiaomi 13 diagonaly 6,36 dýumlyk we şekil täzeleniş tizligi 120 Gs-i göterýän  OLED-displeýe eýe bolar diýip çaklanylýar. 
Öňünden gulaga ilýän habarlara görä, Xiaomi 13 we 13 Pro smartfonlary öňdebaryjy Snapdragon 8 Gen2 çipsetine eýe bolar we hytaý kompaniýasynyň  MIUI 14-iň  firmadan çykma daş görnüşini alan, Android 13-iň esasynda işleýän birinji gurluşy bolarlar. Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyşy, myş-myşlara görä, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli bolmaly. 


24.09.2024 19:41
10k+

Täze Redmi Note 14 Pro suwdan örän oňat goraga we ýokary derejeli batareýa eýe bolar

Redmi kompaniýasy täze Redmi Note 14 smartfonlarynyň tanyşdyrylyşynyň boljakdygyny mälim etdi, bu çäre 26-njy sentýabrda geçer diýip, IXBT habar berýär. Redmi Note 14 Pro modeliniň esasy aýratynlygy onuň daşarky...

16.09.2024 11:26
6.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 14 hataryny hem-de 14T we 14T Pro subflagmanlaryny yglan etdi

Xiaomi täze Redmi Note 14 smartfonynyň ilkinji tizerini neşir etdi. Smartfonyň sentýabryň aýagynda resmi taýdan goýberilmegine garaşylýar. Modeliň içi kuwwatly bolar we kämilleşdirilen kameralary alar. Kompaniýanyň...

07.09.2024 21:36
9k+

Baha we öndürijilik gatnaşygy boýunça reýtingde Redmi Turbo 3 we K70 Ultra öňdebaryjy boldular

AnTuTu hünärmenleri 2024-nji ýylyň awgust aýynyň iň gowy baha we öndürijilik gatnaşygy boýunça smartfonlaryň täzelenen reýtingini çap etdiler. Redmi modelleri, iň ýakyn bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçip, baha kategoriýalarynda...

06.09.2024 13:14
12k+

Redmi 13C öňdebaryjy: tomsuň iň köp satylan arzan smartfonlarynyň onlugy

Smartfon bazary, aýratynam, arzan gurluşlaryň segmentinde durnukly ösüşi görkezýär. Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde iň köp satylan 150 dollardan arzan bahaly smartfonlaryň...