Anjelina Joli opera aýdymçysy Mariýa Kallasyň keşbini ýerine ýetirer

  • 24.10.2022 17:03
  • 12k+

Golliwud aktrisasy Anjelina Joli režissýor Pablo Larrainiň opera aýdymçysy Mariýa Kallasa bagyşlanan baýopikinde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada “Variety” habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Kartina “Mariýa” adyny aldy. Film asly grek bolan meşhur amerikaly aýdymçynyň ömrüniň ahyrky günleri barada gürrüň berer.

“Men özümiň iki esasy hyjuwymy – kino bilen operany birleşdirmegi öňden bäri arzuw edýärdim. Muny Anjelina Joli, iň batyrgaý we bilesigeliji artist bilen etmek – juda uly mümkinçilik we hakyky sowgat” – diýip, Larrain belleýär.

Kinolentanyň ssenariýaçysy Stiwen Naýt bolar. Filmiň surata düşürilip başlanjak senesi heniz aýan edilmeýär.

şu gün 16:24
857

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......

şu gün 15:52
704

Merilin Monronyň süren seýrek Mercedes-Benz awtoulagy auksiona çykaryldy

Iconic Auctioneers auksion öýi 1956-njy ýylda aktrisa Merilin Monronyň süren, 1950-nji ýylda öndürilen üýtgeşik Mercedes-Benz 170 S (W136) awtoulagyny auksionda satar....

şu gün 15:43
646

Ylym pişikleriň adamlara diňe zat üçin ýaranjaňlyk edýändigini subut etdi

Wengriýanyň Etwoş Lorand uniwersitetiniň barlagçylary pişiklerin itlerden we kiçijek çagalardan tapawutlylykda, hiç wagt «kireýsiz kilim kakmaýandyklaryny» ylmy taýdan subut etdiler....

şu gün 14:56
547

Grawitasiýa garaşar: Türkmenistanyň Döwlet sirki täze şüweleň taýýarlaýar

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirki nusgawy sirk sungatyny we türkmen halkynyň öboluşly......