Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy

  • 23.10.2022 10:27
  • 11k+

Ispaniýanyň “Barselona” klubunyň ýarym goragçysy Gawi Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna (21 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar) berilýän “Tuttosport” italýan neşirinden Golden Boy baýragyna mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýragyň resmi gowşurylyş dabarasy 7-nji noýabrda Turinde geçiriler. Soňky ses berişlige Eduard Kamawinga (“Real”, Fransiýa), Jud Bellingem (Dortmundyň “Borussiýasy”, Angliýa) we Jamal Musiala hem (“Bawariýa”, Germaniýa) gatnaşdy.
17-nji oktýabrda Gawi “France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy. 18 ýaşly ýarym goragçy “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy. Ol 2021/22-möwsüminde katalon kluby üçin 48 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.
Geçen ýyl Golden Boy baýragynyň eýesi “Barselonanyň” başga bir oýunçysy – ýarym goragçy Pedri boldy. 2020-nji ýylda bu baýragy Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand aldy. Ol häzir Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda çykyş edýär.


şu gün 12:16
962

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
6.2k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.9k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....