Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy

  • 23.10.2022 10:27
  • 11k+

Ispaniýanyň “Barselona” klubunyň ýarym goragçysy Gawi Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna (21 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar) berilýän “Tuttosport” italýan neşirinden Golden Boy baýragyna mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýragyň resmi gowşurylyş dabarasy 7-nji noýabrda Turinde geçiriler. Soňky ses berişlige Eduard Kamawinga (“Real”, Fransiýa), Jud Bellingem (Dortmundyň “Borussiýasy”, Angliýa) we Jamal Musiala hem (“Bawariýa”, Germaniýa) gatnaşdy.
17-nji oktýabrda Gawi “France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy. 18 ýaşly ýarym goragçy “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy. Ol 2021/22-möwsüminde katalon kluby üçin 48 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.
Geçen ýyl Golden Boy baýragynyň eýesi “Barselonanyň” başga bir oýunçysy – ýarym goragçy Pedri boldy. 2020-nji ýylda bu baýragy Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand aldy. Ol häzir Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda çykyş edýär.


düýn 15:47
4.3k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.3k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.9k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......