Sterling Dillaşou bilen söweşde has ýeňil agramda UFC-niň çempion guşagyny gorady

  • 23.10.2022 10:26
  • 13k+

Garyşyk stiliň (MMA) amerikaly söweşijisi Aljameýn Sterling watandaşy Ti Jeý Dillaşou bilen söweşde has ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempion titulyny gorady.

UFC 280 turniriniň esasy söweşleriniň biri Abu-Dabide geçirilip, Sterlingiň ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. 33 ýaşly Sterling üçin bu ikinji üstünlikli titul goragy boldy.
Sterling professional derejede 25 söweşe gatnaşyp, 22 ýeňiş gazandy we üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. 36 ýaşly Dillaşouwyň hasabynda 17 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.


17.08.2025 13:33
17k+

Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy

16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen irden) Çikagodaky United Center arenasynda UFC 319 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen BAE-niň wekili Hamzat Çimaýewiň arasynda orta agramda titul söweşi boldy...

16.08.2025 16:21
13k+

“Men ony ýatyraryn”, “Oň bir güni galdy”: ertir Çimaýew – Dýu Plessi söweşi geçiriler

17-nji awgustda Çikagoda (Illinoýs ştaty, ABŞ) UFC 319 ýaryşy geçiriler. Orta agramda çempion guşagy üçin agşamyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessi duşuşar. Çimaýew BAE-niň baýdagy bilen çykyş edýär...

14.08.2025 14:01
19k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer

Garyşyk söweş stiliniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy rewanş almak mümkinçiligini gazandy. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempionlyk guşagy üçin tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda  Dubaýda geçiriler, diýip promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär...

09.08.2025 08:32
9.7k+

Oliweýra Braziliýada geçiriljek UFC ýaryşynda azerbaýjanly Fiziýew bilen söweşer

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen azerbaýjanly Rafael Fiziýewiň söweşi 11-nji oktýabrda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek promouşeniň söweş agşamynyň esasy wakasy bolar. Bu barada UFC-niň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi...