Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy

  • 18.10.2022 17:07
  • 3.3k+

Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka “Maali Almeýdanyň ýedi Aýy” (The Seven Moons of Maali Almeida) romany üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Emin agzalarynyň gelen karary barada Londonda baýragyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. Baýragyň saýtynda bellenilişi ýaly, gülküden doly bu kitap iň ýakyn adamlaryny Şri-Lankany haýran galdyrjak suratlar bolan gizlin ýere getirmek üçin ölüminden soň ýedi Aýy bolan harby fotograf Maali Almeýdanyň o dünýädäki başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär.
Ýeňijä baýragy şa zenany-konsort Kamilla gowşurdy. Dünýä tarapyndan ykrar edilmekden we eserleriniň satuwynyň ep-esli ýokarlanmagyndan başga-da, baýragyň eýesi 50 müň funt sterling ($57 müň) möçberinde pul baýragyny alar.
Ýeňijiniň adyny yglan etmek bilen, emin agzalarynyň başlygy, britaniýaly sungaty öwreniji we ýazyjy Nil Makgregor bu romany “diňe bir dürli žanrlaryň däl, eýsem ýaşaýyş bilen ölümiň, beden bilen ruhuň, Gündogar bilen Günbataryň serhetlerini aýyrýan metafiziki triller, ahyret nuary diýip atlandyrdy.

şu gün 16:01
2.6k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

şu gün 15:50
1.2k+

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

şu gün 15:38
696

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....

şu gün 15:16
780

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......