“Barselonanyň” oýunçysy 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

  • 18.10.2022 17:04
  • 13k+

“France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy (21 ýaşdan uly bolmadyk) üçin baýraga Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” ýarym goragçysy Gawi mynasyp boldy.

Žurnalistleriň ses bermegi esasynda ikinji orny Madridiň “Realyndan” Eduardu Kamawinga, üçünji orny Mýunheniň “Bawariýasyndan” Jamal Musiala eýeledi.
2021/22-möwsüminde 18 ýaşly Gawi “Barselona” üçin jemi 48 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.
2022-nji ýylyň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde “Altyn topy” bassyr ikinji ýyl “Barselona” zenan toparynyň oýunçysy ispaniýaly Aleksiýa Putelýas aldy.


şu gün 00:10
3.6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.4k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.8k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....

16.04.2026 01:35
3.8k+

Hawýer Maskerano «Inter Maýami» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Argentinaly hünärmen Hawýer Maskerano «Inter Maýami» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. MLS toparynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 41 ýaşly tälimçi şahsy sebäplere görä wezipesinden......