«Liwerpul» «Reýnjersi» 7:1 edip utdy, Salah 6 minutda het-trik etdi

  • 13.10.2022 09:34
  • 12k+

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji duşuşygynda «Liwerpul» myhmançylykda «Reýnjersi» 7:1 hasap bilen ýeňdi. 

Iňlis klubunyň düzüminde Mohammed Salah Diogu Žotanyň pasyndan het-trik etdi, ýene-de iki goly Roberto Firmino geçirdi, şeýle hem Darwin Nunýes we Harwi Elliott bir goldan geçirdiler. «Reýnjersden» Arfilo Skot gol geçirdi.
«Liwerpul» 9 utuk toplap, toparda ikinji ýerde ýerleşýär, «Reýnjers» pleý-off-a çykmak mümkinçiliginden mahrum bolup, dördünji ýerde galdy.
D toparda «Tottenhem» öz meýdançasynda «Aýntrahtdan» üstün çykdy — 3:2. London klubundan Son Hyn Min dubl etdi. Toparyň ugurdaş duşuşygynda Portugaliýanyň «Sportingi» öz meýdançasynda «Marselden» asgyn geldi — 0:2.
«Tottenhem» (7) toparda birinji ýerde, «Marsel» (6) ikinji ýerde. «Sporting» (6) üçünji, «Aýntraht» (4) — dördünji.


şu gün 12:06
3.1k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

düýn 19:46
6.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.9k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.4k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......