«FourFourTwo» neşiri taryhda iň gowy futbolçynyň adyny mälim etdi

  • 12.10.2022 13:39
  • 19k+

“FourFourTwo” neşiri futbol taryhynda iň gowy oýunçylaryň sanawyny düzdi. Bu sanawda birinji orny Fransiýanyň “PSŽ” klubunyň oýunçysy Lionel Messi eýeledi. Ikinji orunda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Diego Maradona ýerleşdi. Üçlügi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemledi diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle-de, bäşlige braziliýaly Pele we 1998-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Zinedin Zidan girdi.
Messi “PSŽ-de” ikinji möwsümini geçirýär, ol 2021-nji ýylda “Barselonany” terk etdi. Häzirki möwsümde Messi Fransiýanyň çempionatynda toparyň dokuz oýnunyň ählisine-de gatnaşdy, bäş gol geçirip, ýedi netijeli geçirim etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Messiniň bazar bahasy 50 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.


şu gün 12:06
955

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

düýn 19:46
6.2k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.5k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.2k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......