De Bruýne «Mançester Sitiniň» täze rekordyny goýdy

  • 10.10.2022 08:52
  • 11k+

Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) "Mançester Siti" klubunyň ýarym goragçysy Kewin De Bruýne netijeli paslarynyň sany boýunça klubuň rekordyny goýdy diýip, APL-nyň resmi saýty habar berýär. 

Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda "Mançester Siti" 4:0 hasap bilen "Sautgemptony" derbi-dagyn edip ýeňdi. Belgiýaly türgen bu oýunda bir sany netijeli pas bermek bilen, öz netijeli paslarynyň sanyny 94-e ýetirdi. Bu toparyň bütin taryhynda iň oňat görkezijidir.
Ozal rekord 93 sany netijeli pas beren ispaniýaly türgen Dawid Silwä degişlidi.


17.08.2025 13:40
6.3k+

“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi...

16.08.2025 18:26
7.1k+

UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»

2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi. Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy...

16.08.2025 01:08
11k+

AFK-2 Çempionlar ligasynda "Arkadag" bilen "Ahal" FK-laryň garşydaşlary barada bilmeli zatlar

«Arkadag» we «Ahal» futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginiň netijesinde garşydaşlaryny bildiler. Bu ýaryş Aziýanyň Çempionlar ligasyndan soň abraýy boýunça ikinji möhüm klub ýaryşydyr...

16.08.2025 00:03
7.4k+

La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady...