Hawýer Maskerano «Inter Maýami» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 16.04.2026 01:35
  • 4.3k+

Argentinaly hünärmen Hawýer Maskerano «Inter Maýami» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. MLS toparynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 41 ýaşly tälimçi şahsy sebäplere görä wezipesinden çekilmek barada çözgüde geldi.

«Ilki bilen, maňa bildiren ynamy üçin kluba, guramanyň her bir işgärine, ýöne aýratyn-da ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirmegimize ýardam eden oýunçylara minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem janköýerlere sagbolsun aýdýaryn, sebäbi olar bolmasa bularyň hiç biri mümkin bolmazdy» – diýip, Maskerano belledi.

Ýatlap geçsek, argentinaly hünärmen kluba 2024-nji ýylyň noýabrynda ýolbaşçylyk edip başlady. Onuň tälimçiliginde Lionel Messiniň çykyş edýän topary 2025-nji ýylda öz taryhynda ilkinji gezek MLS-iň çempiony diýen ady aldy.

Amerikan klubuna gelmezinden ozal, Maskerano Argentinanyň ýaşlar we olimpiýa ýygyndy toparlary bilen işleşipdi. Oýunçy hökmünde bolsa ol «Barselona» we «Liwerpul» ýaly klublarda çykyş edip, dünýä derejesinde meşhurlyk gazandy, şeýle hem öz ýurdunyň milli ýygyndysynda 147 oýna gatnaşdy.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......