Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi

  • 05.10.2022 10:36
  • 8.4k+

«Inter Maýaminiň» argentinaly hüjümçisi Gonsalo Iguain MLS (ABŞ-yň we Kanadanyň professional futbol ligasynyň) möwsümi tamamlanda, 34 ýaşynda karýerasyny tamamlaýar diýip, klubuň saýtynda habar berilýär.

Ýokary derejede çykyş edilen 17 ýarym ýylyň içinde Iguain 700 oýunda oýnap, olarda 300-denem kän gezek gol geçirdi. Iguain "Real" bilen birlikde Ispaniýanyň üç gezek çempiony boldy, "Ýuwentus" bilen A Seriýada üç gezek ýeňiş gazandy, şeýle hem "Çelsi" bilen Ýewropanyň Ligasyny utdy (2019 ýyl).
2015/16 möwsümde "Napoliniň" düzüminde  oýnan Iguain 36 gezek gol salyp, Italiýanyň çempionatynyň iň oňat bombardiri boldy.
Şeýle hem Iguainiň hasabynda Argentinanyň ýygyndysynyň düzüminde oýnalan 75 oýunda salnan 31 gol bar, şonuň bilen ol 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna ýetipdi we iki gezek Amerikanyň Kubogynyň finalynda oýnapdy.
MLS-iň yzygider geçirilýän çempionaty 9-njy oktýabrda, pleý-off - 5-nji noýabrda tamamlanar.


düýn 17:41
4.7k+

Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi

24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy...

22.11.2025 23:07
8.8k+

“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar

“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi...

22.11.2025 13:37
9.5k+

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy...

21.11.2025 12:47
8.1k+

Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi...