Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi

  • 05.10.2022 10:30
  • 12k+

Kaliforniýanyň birbada bäş şäheri Birleşen Ştatlaryň ýaşaýyş üçin iň gymmat ýerleriniň onlugyna girdi, olardan ikisi – San-Hose bilen San-Fransisko hatda reýtingde Waşingtondan we Nýu-Ýorkdan öňe geçdi. Muny Doxo kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlarynyň seljermesine esaslanýan gözlegi görkezdi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Gözlegde hökmany aýlyk tölegler – ipoteka, jaý kärendesi, kommunal tölegler, awtokarzlar boýunça tölegler, aragatnaşyk hyzmatlary we ätiýaçlandyryş üçin tölegler göz öňünde tutuldy.
San-Hosedäki öý hojalyklary bu zerurlyklar üçin her aý $3151 töleýär – bu aýda $1889 ýa-da ýylda $22 668 bolan ýurt boýunça ortaça görkezijiden 66,8% ýokarydyr.
San-Fransisko reýtingde ikinji orny, Waşington bolsa $2767 görkeziji bilen üçünji orny eýeledi. Nýu-Ýork dördünji orna Los-Anjelesi geçirip, bäşinji orunda ýerleşdi ($2674). Iň gymmat amerikan şäherleriniň onlugyna San-Diego, Boston, Sietl, Riwersaýd we Denwer hem girdi.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da iň uly 50 şäherden iň amatlysy Baffalo boldy – bu şäheriň ýaşaýjylarynyň aýlyk tölegleri ortaça $1603 bolup, bu ýurt boýunça ortaça görkezijiden 15,1% pesdir.
Ikinji orny Pittsburg (aýda $1689), üçünji orny Kliwlend ($1709) eýeledi.
Gözlegiň netijelerine görä, ýaşaýyş üçin iň amatly şäherler ABŞ-nyň günortasynda we Orta Günbatarynda ýerleşýär.


şu gün 11:43
505

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....